Ýewrowideniýe şu ýyl adaty bolmadyk görnüşde geçiriler

  • 05.02.2021 23:47
  • 4.1k+

Ýewrowideniýe muşdaklary aýdym bäsleşigini 2021-nji ýylda adaty formatda görüp bilmezler. Bu barada çäräni guraýjylar mälim etdiler diýip, vesti.ru habar berdi.

Ýewrowideniýäniň geçirilmegine üç aýdan gowrak wagt galdy. Bäsleşik hökman bolar we ol 18-nji, 20-nji we 22-nji maýda geçiriler diýip, çeşme ýazýar. Çäräniň web sahypasynda Ýewrowideniýä gatnaşyjylaryň hemmesiniň saglygynyň we howpsuzlygynyň ileri tutulýandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaryşyň hemişeki tertipde geçirilmejekdigi hem nygtalýar.
Häzirki wagtda çäräni guraýjylar Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň mümkin bolan üç sany ssenariýasyny gözden geçirýärler. Olaryň birinjisi, bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesiniň sosial aralygy saklamalydygyny aňladýar. Desgalarda berk saglyk we howpsuzlyk çäreleri hem ulanylar.
Ikinji ssenariýa Rotterdamda ýerine ýetirijileriň we wekiliýetleriň bolmagyny aradan aýyrýar. Şol bir wagtyň özünde olaryň göni ýaýlymda janly çykyş etmekleri guralar.
Üçünji ssenariýa konsert zalynda hiç hili tomaşaçynyň bolmazlygyny göz öňünde tutýar. Oňa laýyklykda, aýdymçylar öz ýurtlaryndan çykyş ederler.
Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýyl Ýewrowideniýe koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy.

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......