BAE-niň raýatlygyna hukugy bolan daşary ýurtlularyň kategoriýalary kesgitlenildi

  • 02.02.2021 20:53
  • 12k+

BAE-niň häkimiýetleri daşary ýurtlularyň käbir kategoriýalaryna raýatlyk almaga mümkinçilik berýän kanuna üýtgeşmeler girizdiler. Bu barada WAM agentligine salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.

Emirlikleriň raýatlygy üçin lukmanlar, oýlap tapyjylar, alymlar we suratkeşler ýüz tutup bilýär. Raýatlyk almak üçin käbir şertler öňe sürülýär. Mysal üçin, maýa goýujylar BAE-de gozgalmaýan emläge eýe bolmalydyrlar. Lukmanlar Emirliklerde zerur bolan ylmy derslerden baş çykarmaly. 
Alymlar azyndan 10 ýyl iş tejribesi bilen uniwersitetde, barlag merkezinde ýa-da hususy pudakda işjeň gözlegçiler bolmaly. Emirlikleriň raýatlygyny almak isleýän oýlap tapyjylar BAE-niň Ykdysadyýet ministrligi ýa-da beýleki abraýly halkara edara tarapyndan tassyklanan bir ýa-da birnäçe patent almaly.
Şeýlelik bilen, BAE ýurda tejribeli işgärleri çekmäge çalyşýar. BAE-niň raýatlygy täjirçilik kärhanalaryny we gozgalmaýan emlägi döretmek ýa-da eýeçilik etmek hukugyny goşmak bilen köp sanly ýeňillikleri hödürleýär. Üýtgeşmelere laýyklykda, şertler bozulan ýagdaýynda raýatlyk ýatyrylyp bilner.

düýn 18:15
2.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......