Türkmen himiýaçylary mis kuporosynyň zyýansyzlandyryş aýratynlyklaryny ýüze çykardylar

  • 31.01.2021 14:10
  • 8.3k+

Ýerli çig malyň esasynda netijeli zyýansyzlandyryş serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlary mis kuporosy ulanylýan tehnologiýany hödürlediler. Bu önümi almak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň mis, kükürt turşusy, ammiak selitrasy garyndylary ulanyldy.

Döwlet arassaçylyk – epidemiologiýa gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde misiň dürli möçberdäki birleşmeleriniň ergininiň kömelejiklere garşy, fungisit we bakteriýalara garşy häsiýetleri boýunça barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijeleri mis kuporosynyň 0,75 göteriminden başlaýan erginleriň bakteriýalaryň ençeme görnüşlerini ýok edýändigini görkezdi.
Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertleriň we reglamentiň esasynda mis kuporosynyň önümçiligi “Sahy doganlar” hususy kärhanasynyň önümçiliginde ornaşdyryldy.
Mis kuporosy ykdysady we ylmy taýdan ýokary derejede ösen ýurtlarda ulanylýar. Saudgempton uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlarynyň ylmy-barlag işleri misiň ionlarynyň dümewiň A görnüşiniň, şonuň ýaly-da HINI-niň wirusyny ýok etmekde oňyn netije berýändigini subut etdi. Misiň häsiýetleriniň barlaglary Daniýanyň we Russiýanyň hünärmenleri tarapyndan hem öwrenilýär.
Türkmen alymlarynyň belleýşi ýaly, mis kuporosy ekologiýa taýdan arassadyr hem-de oba hojalygynda, gurluşykda we derman senagatynda ulanylýar. Ol kömelejiklere garşy iň netijeli we gymmat bolmadyk serişdedir. Kuporos arkaly zyýansyzlandyryş serişdeleri üçin barmasy kyn bolan ýerleri işläp geçmek bolýar. Misiň sulfaty 25-30 günüň dowamynda öz täsirini ýitirmeýär.

düýn 15:12
1.9k+

Otto Aerospace näme üçin ýolagçy penjiresiz uçar döredýär?

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolanyşygy Otto Aerospace kompaniýasynyň üýtgeşik «Phantom 3500» biznes-jeti üçin güwänama talaplaryny kesgitledi. Uçaryň ýolagçylar üçin adaty penjireleri bolmaz. Deregine......

14.06.2026 16:13
5.5k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....