Lukman suw içmek bilen bagly üç sany meşhur ynanjy inkär etdi

  • 31.01.2021 13:23
  • 24k+

Berhiz lukmany Alekseý Kowalkow suw içmek bilen baglanyşykly käbir ynançlary inkär etdi. Tmcars.info RIA Nowosti agentligine salgylanyp, hünärmeniň suw içmek bilen bagly maslahatlaryny okyjylara ýetirýär.

Ilki bilen, hünärmen günde hökman iki litr suw içmeli diýlen zadyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy toslamadygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, adam suw içesi gelende, bedende deňagramlylygy saklamak üçin zerur bolanyndan artyk suw içmeýär. Şonuň üçin özüňe artykmaç zor salmagyň geregi ýok. Diňe suwsan mahalyň gijikdirmän suw içmek ýeterlik.
Suw bilen baglanyşykly ýene bir umumy ynanç: suwuklyklar açlygy kanagatlandyryp bilermi?

"Suw aşgazany gaty çalt terk edýär. Ol birnäçe minudyň içinde içegä geçýär, onsoň dok bolmak hakda gürrüň hem bolup bilmez" -diýip, Kowalkow "YouTube" kanalynda belleýär.

Hünärmeniniň pikiriçe, suw bilen baglanyşykly üçünji bir ynanç, ýagny nahardan öň suw içmegiň peýdalydygy - ýalňyş düşünje. Hünärmen suwuň iýmit siňdiriş üçin zerur fermentleri "ýuwup aýyrýandygyny" aýdýar we suwy nahara başlandan bäş minut soň içmegi maslahat berýär.

12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.7k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....