Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna baryp gördi

  • 27.01.2021 08:29
  • 21k+

Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde türkmen Lideri ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna baryp gördi. 

Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga ýardam eder. Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti amala aşyrýar. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri “Nusaýýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalar, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.
Awtobanyň birinji bölegini—Aşgabat-Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen-Mary bölegini—2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji—Mary-Türkmenabat bölegini—2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär.
Awtomobil ýoly hereket etmegiň esasy üç ugruny özünde jemlär we her tarapdan bir goşmaça ugur bolar. Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron hasaplaşygyny hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçiligi gullugynyň bölümi, dynç almak üçin meýdançalar ýerleşdiriler.
Ýokary tizlikli ýola degişli derejede tehniki taýdan hyzmat etmek üçin degişli beketleri hem bina etmek meýilleşdirilýär. Ýol hereketini awtomatik ulgam dolandyrar. Şol ulgam üznüksiz wideo gözegçiligiň kömegi bilen ulag akymy boýunça hemme maglumatlary ýygnaýar we saklaýar hem-de ýol gözegçiligi gullugyna iberýär. Şeýle hem şu ýere howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, aralygy görüp boluş ýagdaýy ýaly ölçegleri özünde jemleýän maglumatlar we beýlekiler iberiler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, şeýle hem degişli ýolbaşçylar döwlet Baştutanyny Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdylar.
Döwlet Baştutany taslama käbir düzedişleri girizdi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

şu gün 19:45
192

Spotify uly tehniki näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy

Spotify aýdym-saz hyzmatynyň işinde uly tehniki näsazlyk bolup geçdi, bu bolsa dünýäniň ähli ýerlerinden ulanyjylaryň köpçülikleýin şikaýat etmegine getirdi. Downdetector saýtynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar baradaky habarlaryň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 19:30-da boldy...

şu gün 19:07
601

“San-Hose” galeonyndan ilkinji artefaktlar çykaryldy: hazynanyň bahasy 17 mlrd dollar bahalandyrylýar

Kolumbiýa 1708-nji ýylda gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (gämisinden) ilkinji artefaktlary çykardy. Bu rowaýaty gämi, gark bolan gämileriň arasynda “Mukaddes Graal” diýlip atlandyrylýar. Häzirki zaman hasaplamalaryna görä, kolonial baýlyklary daşaýan onuň ýüküniň umumy bahasy 17 milliard dollara ýetip biler...

şu gün 17:18
719

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

şu gün 10:23
6.6k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...