Ýalňyzlyga garşy göreş — 2021-nji ýylyň esasy tehnologiýa ugry

  • 25.01.2021 19:48
  • 9.3k+

Norwegiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy Telenor şu ýyl has meşhur boljak tehnologiýa ugurlaryny kesgitledi. Bu barada rueconomics.ru habar berýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, ýalňyzlyga garşy göreşmek üçin tehnologiýalar öser, sebäbi 2020-nji ýylda adamlar koronawirus pandemiýasy we onuň netijesi bolan lokdaun bilen ýüzbe-ýüz boldular. Pandemiýa özüni ýalňyz duýýan adamlaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy. Bu alada, göwnüçökgünlik ýaly köp sanly saglyk bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirýär.
Şonuň üçin kompaniýalar ünsüni ulanyjylara aragatnaşyk ýetmezçiliginden oňaýsyzlygy duýmazlyga kömek etjek ulgamlary ösdürmäge gönükdirerler.
Telenor-yň barlag bölüminiň ýolbaşçysy Býorn Taale Sandberg bäşinji nesil torunyň ulanylýan ýurtlarynda aragatnaşygyň golografiki serişdelerinde giňeldilen we wirtual hakykaty ulanmagyň ilkinji nusgalarynyň peýda boljakdygyny aýtdy. 
Analitikler şu ýyl özüni ýeke duýýan adamlara kömek üçin çat-botlaryň peýda bolmagyna garaşylýandygyny belleýärler. Indiwidual kömekçiler emeli intellektiň esasynda işlärler we habarlara jogap berip, jaň edip we ýalňyz adama güýmenje hödürläp bilerler.

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......