Gazly suw içmek günüň haýsy wagtynda zyýanly?

  • 17.01.2021 23:10
  • 22k+

Käbir görnüşlerinde köp mukdarda şekeriň bardygyna garamazdan, gazly suw köpleriň halaýan içgisidir. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler gazly suwy günüň haýsy wagtynda içmegiň saglyk üçin zyýanlydygyny aýtdylar. Bu barada profile.ru habar berdi.

“Eat This, Not That!” portalynyň bellemegine görä, gazly suwy türgenleşikden we bedenterbiýe bilen meşgullanmazdan ozal içmek düýbünden zyýanlydyr, sebäbi ol bedende suw balansyny bozýar. Onuň netijesinde, maşk wagtynda sarp edilmegi möhüm bolan suw haýallyk bilen iýmit siňdiriş ulgamyndan geçer we bedeni doýrar.
Mundan başga-da, türgenleşikden öň gazly suw içmek aşgazanyň çişmegine, içiň ýellenmegine, oňaýsyzlyga we hatda ýürek bulanmasyna sebäp bolup biler. Bu berhiz  gazly içgiler üçin hem degişlidir.
Şeýle hem, hünärmenler ertirlik naharyndan öň gazly suw içmeli däl diýip hasaplaýarlar. Gazly suw içenden soň adam özüni dok duýup biler we hiç zat iýmez. Ertirlik naharynyň esasy nahardygy sebäpli bu bedene zyýanly täsir eder.

 

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....