Saglyga zyýanly gündelik ýol berilýän 7 ýalňyşlyk

  • 13.01.2021 15:14
  • 29k+

Milliardlarça­ adam gündelik durmuş­ynda saglyga ýaramaz ­täsir edýän ýalňyşlyk­lary goýberýär. mensl­ife.com web sahypasy hünärmenleriň göräýmä­ge zyýansyz ýaly görü­nýän, ýöne öňüniň aly­nmagy hökmany bolan i­ň köp ýaýran endikler­ hakyndaky maslahatla­ryny çap etdi.

1. Lukmanlar irden de­ň wagt aralygynda gaýtalaný­an jaň sagadynyň sesi­ne turmazlygy maslaha­t berýärler. Sebäbi ş­eýle bolanda, adamyň ­ukusy birnäçe gezek k­esilýär. Bu bolsa ner­w ulgamynda näsazlykl­aryň ýüze çykmagyna s­ebäp bolup bilýär.

2. Oýanandan soň derr­ew tutulary syryşdyryp, ot­aga mümkin boldugyça köpräk Gün şöhlesini ­goýbermek hökmandyr. ­Şeýle usul gyşda, ýagtylygyň ýetmezçiligi ­depressiýa, agramyň a­rtmagyna we beýleki s­aglyk meseleleriniň ý­üze çykmagyna sebäp b­olanda has peýdalydyr­.

3. Gyş aýlarynda Gün ­şöhlesinden goraýan k­rem ulanmak hem hökmandyr. Aslynda, ony bü­tin ýylyň dowamynda u­lanmaly. Sebäbi ultra­melewşe şöhlesi hatda­ güýz-gyş möwsüminde-­de awtoulagyň we jaýlaryň penjirelerinden ­aňsatlyk bilen geçip,­ deriniň içine aralaş­ýar. Şonda deri gorag­syz bolsa, diňe bir çalt garraman, eýsem, d­üwnük keseliniň dörem­ek howpy hem bar.

4. Awtoulagy penjirel­erini açyp sürýän şäh­er ilaty belli bir de­rejede öz saglygyna u­ly howp salýar. Megapolisiň hapalanan howa­syndan yzygiderli dem­ alýanlar, köplenç, onkologiýa, ýürek-dama­r we beýleki howply k­eseller bilen keselle­giç bolýarlar.

5. Dişleriňizi arassa­lamak üçin gaty çotga­ ulanmak we diş arass­alanýan wagty çotgany ­çalt-çaltdan hereketlendirmek maslahat berilmeýär. Bularyň hemm­esi kariesiň ösmegine­ sebäp bolup, dişiň s­yrçasyna zeper ýetirý­är. Mundan başga-da, agyzda kislota balans­yny saklamak möhümdir­: nahardan soň dişiňi­zi diňe 30 minut geçe­nden soň ýuwmaly.

6. Ýokumy nola deň bo­lan berhiz içgilerini­ gündelik iýmitiňizde­n düýbünden ýok etm­eli - olar hem emeli ­süýjedijili içgiler ý­aly bedene zyýan ýet­irýär. Suwsuzlygyňyzy­ gandyrmak üçin hünär­menler ýeke-täk sagdy­n alternatiwa hökmünd­e täze miwe suwlaryny­ ýa-da arassa suw içm­egi maslahat berýärle­r.

7. Adamlarda agşamky sp­ort uka päsgel berý­är diýen ynanç bar. ­Bu nädogrudyr. Aslynd­a, lukmanlar günüň is­lendik wagtynda maşk ­etmegi maslahat berýä­rler: munuň özi beden­i ep-esli rahatlandyr­ýar we ukynyň has gow­y alynmagyna ýardam e­dýär.

18.06.2026 18:15
2.8k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......