Ispan alymlary altynyň bejeriş aýratynlyklaryny ýüze çykardylar

  • 11.01.2021 23:27
  • 11k+

Tarragonadaky Rowira-i-Wirjiliý uniwersitetiniň ispan alymlary tarapyndan altynyň himiki taýdan inert nano bölejiklerini seljermek arkaly gymmat bahaly metalyň bejeriş aýratynlyklary ýüze çykaryldy diýip, riafan.ru belläp geçýär.

Hünärmenler derňew işini geçirip, onuň dowamynda barlaghanada altynyň nano bölejiklerini sintez etdiler. Netijede, ululygy 100 nanometre ýetýän, saçdan sekiz esse inçe bolan sferalar we ýyldyzlar görnüşinde bölejikleri almak başartdy.
Şeýle-de, barlag işini geçirijiler bölejikleriň janly bakteriýalar bilen täsirini öwrendiler. 
Belli bolşy ýaly, altyn geçiriji elementleriň arasynda himiki taýdan işjeňligi pes bolan element. Ol kislorodyň ýa-da kükürdiň täsirine sezewar bolmaýar, ýöne galogenler ýa-da hlory saklaýan ýa-da bölüp çykarýan erginler bilen aňsat täsirlenýär. Ispan alymlarynyň barlaglary gymmat bahaly metalyň himiki taýdan inert nano bölejikleriniň bakteriýalary hemişelik öldürip biljekdigini görkezdi. Bu amal fiziki mehanizmiň öýjük diwaryny deformasiýa etmegi sebäpli ýüze çykýar.
Şeýle hem, alymlara sferik nano bölejikleriň bakteriýalara ýyldyz görnüşli birlikler bilen deňeşdirilende, has çalt we täsirli zyýan ýetirýändigini anyklamak başartdy. Olaryň çaklamalaryna görä, bu öýjük membranasynyň üsti bilen has köp täsirleşme sebäpli mümkindir.

düýn 14:55
1.9k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......