OPEK+ ýurtlary fewral we mart aýlary üçin nebit önümçiliginiň göwrümi barada ylalaşdylar

OPEK+ ýurtlary fewral we mart aýlary üçin nebit önümçiliginiň göwrümi barada ylalaşdylar

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň we oňa girmeýän döwletleriň guramasynyň ýurtlary (OPEK+) fewral we mart aýlarynda önümçilik möçberleri barada ylalaşdylar. Russiýa fewral aýynda nebit önümçiligini günde 65 müň barrel, Gazagystan günde 10 müň barrel ýokarlandyrar diýip, Gazagystanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Muny 1prime.ru ýetirýär.

OPEK+ ýurtlary tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda önümçiligiň umumy çäklendirmesi günde 7,2 million barrele, fewral we mart aýlarynda – 7,125 million barrele barabar bolar.
OPEK+ ýurtlarynyň indiki ýygnagy 4-nji martda, monitoring komitetiniň mejlisleri 3-nji fewralda we 3-nji martda geçiriler.
2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri OPEK+ ýurtlarynyň awgust aýyna çenli nebiti gazyp almagy günde 9,7 million barrel we 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 7,7 million barrel azaltmak barada şertnamasy hereket edýärdi. 3-nji dekabrda OPEK+ ýurtlary nebit önümçiligini 2021-nji ýyldan günde 500 müň barrel ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.