Haýsy önümler dişleriň aklygyna zeper ýetirýär?

  • 06.01.2021 20:44
  • 20k+

Sagdyn hem-de owadan ýylgyryş her kimiň arzuwy. Munuň üçin ilki bilen dişleriň sagdyn hem-de çuw ak bolmaly. Russiýaly diş lukmany Irina Makeýewa gündelik durmuşda peýdalanýan endikli önümlerimiziň käbiriniň dişleriň aklygyna zeper ýetirip bilýändigini belleýär. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Esasan, aminokislotaly we pigmentli önümler dişiň reňkine iň uly täsir edýär. Meselem, çernika, gara smorodina, ülje we ülje şerbeti, şeýle hem reňkli gazlandyrylan içgiler, huruşlaryň käbiri. Bu agzalanlar reňkleriniň ýokuşganlygy bilen tapawutlanýar we dişleriň aklygyna görnetin zeper ýetirýär.
Mundan başga-da, diňe bir kofeni däl, eýsem, çaýy söýýänleriň hem bilmeli bir zady bar: bu endikli  içgiler gereginden köp içilen halatynda, dişleriň reňki ýaramazlaşyp biler. Lukman bu babatda çaýyň kofä garanyňda has ýiti täsir edýändigini belleýär. Ýylgyrşyňyzyň öňki çuw ak öwüşginini dikeltmek üçin bu içgiler içilenden soň agzyňyzy ýuwmak ýa-da ýörite diş köpügini ulanmak zerurdyr.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......