Dietolog baýramçylykdan soň kadaly iýmitlenişi dikeltmegiň ýollaryny aýtdy

Dietolog baýramçylykdan soň kadaly iýmitlenişi dikeltmegiň ýollaryny aýtdy

Dietolog we endokrinolog Tatýana Filippowa Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinden soň özüňi gowy, sagdyn duýmak üçin nähili iýmitlenmelidigini aýtdy. Bu barada  iz.ru belläp geçýär.

Dynç alyş günleriniň dowamynda adamlaryň durmuş meýilnamalary üýtgeýär we netijede, bu adamda artykmaç agramyň peýda bolmagyna getirip bilýär. Şeýle ýagdaýlarda iýmit we uky düzgünini ýola goýmaly hem-de fiziki maşklar bilen meşgullanmaly.
Iýmiti ýatmazdan 3-4 sagat öň kabul etmelidigini, ýogsam munuň semizlige sebäp bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däl. 

“Iýmit tertibinden ýagly we ýagda gowrulan iýmitleri aýyrmaly. Çünki, olaryň baýramçylyk stolunda goýulmagy hem ýeterlikdir. Indi ony rasiondan doly derejede aýyrmak peýdaly bolar” – diýip, hünärmen belleýär.

Şeýle-de, iýmite ter gök önümler we miweler görnüşinde köpräk kletçatka goşmaly, süýjülikleri we çörek önümlerini agşam iýiljek iýmitleriň sanawyndan aýyrmaly. Özüňi forma getirmek üçin fiziki işjeňlik düzgünini ýola goýmaly. Ilki kiçiden başlamaly we ýuwaş-ýuwaşdan agram ýüküni artdyrmaly.

“Radikal we çalt çözgüti gözlemeli däl. Jadyly derman ýok, ýöne ähli zady dogry gurasaň, kem-kemden maksada tarap hereket etseň, hökman islenilýän netijäni gazanyp bolar” – diýip, hünärmen sözüni jemleýär.