TmCars: Täze ýylyňyz gutly bolsun!

  • 31.12.2020 21:19
  • 70k+

Ömrüň gyzykly pursatlarynyň biri Täze ýyl bilen bagly. Ýylyň dowamynda 365 günüň bardygyna garamazdan, süýji arzuwlarymyzy, naýbaşy maksatlarymyzy, etsem-goýsamlarymyzy Täze ýyl üçin aýap saklaýarys. Çünki, Täze ýyl baýramynda üýtgeşik bir ruhlandyryjy güýç bar. Şol güýje bolan ynamymyz ähli zadyň göz öňüne getirişimizden hem has gowy hasyl boljakdygyna bolan duýgularymyzy güýçlendirýär. Ýüregiň duýgulardan püre-pür wagty arzuw edilen zatlaryň hasyl bolmak ähtimallygy 100%-e deň hasaplanýar. Şeýle ýakymly pursatlarda TmCars ähli ildeşlerimizi Täze ýyl – 2021-nji ýyl bilen gutlaýar! Täze ýylda saglyk, agzybirlik, abraý ýylboýy miýesser etsin! Öý-ojagyňyzyň  rysgal-bereketi zyýada bolsun! Hemişe we her bir işde şowlulyk hemraňyz bolsun!  TmCars-da gören, okan, peýdalanan her bir gowy zatlaryňyz hut şu ýylda nesibäňize öwrülip, özüňizi, öýüňizi we ykbalyňyzy bezesin!

Durmuşyňyza ähmiýetli we gündelik wajyp habarlary gyzgyny bilen size ýetirmegi maksat edinýän TmCars Habarlar,  şu ýylda bolşy ýaly, Täze ýylda hem hemişe siziň ýanyňyzda bolar. Okyjy sanymyzyň diňe şu ýylyň dowamynda hem mese-mälim artandygyny, günsaýyn köpelýändigini TmCars Habarlara bolan uly ynam hökmünde kabul edýäris. Habarlaryň ygtybarly bolmagy, okyjylarymyza dessine ýetirilmegi, derwaýys hem-de ähmiýetli maglumatlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi - TmCars Habarlaryň öz öňünde kesgitlän esasy ýörelgeleriniň biridir. Şeýle özara baglanyşyk 2021-nji ýylda hem dowam etdiriler.
TmCars Sizi ýene bir gezek Täze ýyl bilen gutlap, özüňize hem-de il-güne haýyrly arzuw-islegleriňiziň ählisiniň hasyl bolmagyny, indiki Täze ýyllara has täze arzuwlar bilen barmagy arzuw edýär! Hemişe biziň bilen boluň, çünki TmCars hemişe siziň üçin yhlas edýär! Beýik we bereketli işler bilelikde hasyl edilýändir!

düýn 10:10
3.8k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 22:06
908

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

23.06.2026 20:58
8.5k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....