Eýran COVID-19-a garşy öz sanjymynyň synaglaryna girişdi

  • 30.12.2020 21:26
  • 9k+

Sişenbe güni Eýranda COVID-19 koronawirusyna garşy sanjym adamlarda kliniki synag edilip başlandy. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Eýranly hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen bu derman serişdesi ilkinji iki meýletinçä, şol sanda sanjymyň öndürilmegine jogapkär bolan "Ymamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek boýunça merkezi edaranyň" başlygynyň gyzyna berildi.
Guramanyň başlygy Muhammad Mohber ozal Eýranyň 60 müň raýatynyň derman serişdeleriniň synaglaryna gatnaşmak isleýändigini habar berdi. Ol synag üçin dürli jynsdaky we dürli ýaşdaky 56 adamyň ýeterlik boljakdygyny belläp geçdi.
Şol bir wagtyň özünde, Mohber derman serişdesini adamlarda synag edende, Eýranyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan teklip edilen howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirjekdigini we "Ymamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek boýunça merkezi edaranyň" soňra 1,5 million dozada dermany kabul edip biljekdigini aýtdy.
Guramanyň başlygy Eýranyň derman önümçiligini geljek ýarym ýylda her aýda 12 million dozada artdyrjakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Worldometers” statistiki web sahypasyna görä, pandemiýa wagtynda Eýranda 1,2 milliondan gowrak koronawirus ýokuşmasy hasaba alyndy, COVID-19 keseli bilen 54,8 müňden gowrak näsag aradan çykdy. 960,7 müňden gowrak adam bolsa sagaldy.

15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......