Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar

  • 23.12.2020 10:02
  • 15k+

Koreýanyň Samsung kompaniýasy “First Look 2021” atly çäräni yglan etdi, bu çärede kompaniýa displeýleriň geljegi barada gözýetimini görkezer. Çäre 11-nji ýanwardan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek Consumer Electronics Show 2021-den öň, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçiriler. Bu barada newinform.com habar berýär.

Samsung-yň resmi saýtynda göni ýaýlyma tomaşa etmek bolýar. Häzirki wagtda Samsung tanyşdyrylyş dabarasynda haýsy önümleriň hödürlenjekdigini mälim edenok. Ýöne firmanyň muşdaklary täze MicroLED telewizorlaryny, şeýle-de 4K we 8K QLED telewizorlaryny görüp bilerler diýlip çaklanylýar.
Belläp geçsek, internetde kompaniýanyň täze nesliň telewizorlarynda Micro-LED tehnologiýalarynyň peýdasyna OLED tehnologiýalaryndan ýüz öwürmek isleýändigi barada gürrüňler bar. Çünki matrisanyň bu görnüşi OLED-matrisa üçin häsiýetli bolan meselelere, aýratynam, ekranyň ýanmagyna we pes ýagtylyga eýe bolman, tomaşaçyny şol bir şekil kontrasty, giň görüş burçlary bilen üpjün edip bilýär. Micro-LED – bu täze tehnologiýa bolup, häzirki wagtda onuň esasy meselesi ýokary bahasydyr.
Mundan başga-da, täze kämilleşdirilen displeýli planşetleriň we noutbuklaryň görkezilmegine garaşylýar. Korporasiýa Galaxy S21 flagmanlarynyň täze tapgyryny hödürlär diýlip çaklanylýar.

11.11.2025 15:19
3.7k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.3k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...

09.11.2025 19:12
4.7k+

Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar...

05.11.2025 10:07
3.4k+

Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi

Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär...