Türkmenistanyň raýatlary Omana wizasyz baryp bilerler

  • 21.12.2020 13:41
  • 30k+

Times of Oman gazetiniň habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlary Oman döwletine indi wizasyz syýahat edip bilerler. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Dogrusy, diňe ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şengen ýurtlarynyň ýa-da Ýaponiýanyň ýaşaýjylary ýa-da bu ýurtlara girmek üçin wizalary bolanlar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.
Omana şu 25 ýurduň ýaşaýjylary wizasyz girip bilerler: Azerbaýjan, Hindistan, Özbegistan, Belarus, Täjigistan, Gyrgyzystan, Kosta-Rika, Nikaragua, Marokko, Ermenistan, Panama, Bosniýa we Gersegowina, Türkmenistan, Gonduras, Gwatemala, Gazagystan, Laos, Albaniýa, Butan, Peru, Maldiwler, Salwador, Wýetnam, Kuba we Meksika.
Oman gadymy taryhy we baý medeniýeti bolan Günbatar Aziýada ýerleşýän ýurt. Ol Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Ýemen bilen serhetleşýär. Onuň Arap deňzine we Oman aýlagyna çykalgalary bar.

25.05.2026 17:25
3.5k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.8k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.6k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......