UNWTO: halkara syýahatçylyk 2020-nji ýylda 30 ýyl öňki derejesine çenli peseldi

  • 19.12.2020 18:30
  • 4.4k+

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) maglumatlaryndan görnüşi ýaly, halkara syýahatçylygy 2020-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda 70%-den gowrak, ýagny 1990-njy ýyldaky derejesine çenli peseldi. Bu barada tourism.interfax.ru habar berýär.

“2020-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň 72% pese gaçmagy syýahat çäklendirmeleri, sarp edijileriň ätiýaçlyk etmegi we koronawirusa garşy global göreş bilen baglanyşyklydyr. Bularyň ählisi şu ýylyň syýahatçylyk taryhynda iň ýaramaz ýyl bolmagyna sebäp boldy. Soňky maglumatlara görä, ýanwar-oktýabr aýlarynda dünýä ýurtlary 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanda 900 million az syýahatçy kabul etdi” – diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Onuň maglumatlaryna görä, bu halkara syýahatçylykdan 935 milliard dollarlyk eksport girdejisiniň ýitmegine getirdi, bu bolsa 2009-njy ýylda global ykdysady çökgünlik sebäpli pudagyň çeken ýitgisinden 10 esse köpdür.

“Halkara syýahatçylaryň sanynyň ýylyň ahyryna çenli 70-75% azalmagyna garaşylýar. Şeýle ýagdaýda gelýänleriň sanynyň 1 milliard azalmagy we, takmynan, 1,1 trillion dollar ýitgi bilen dünýä syýahatçylygy 30 ýyl mundan ozalky derejesine gaýdyp geler” – diýip, UNWTO belleýär.

2019-njy ýylda beýleki ýurtlara syýahat eden syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetdi. Bu 2018-nji ýyldaky derejesinden 4% köpdür.

01.12.2025 14:36
7.9k+

Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy...

30.11.2025 08:51
7.8k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça gatnaw girizdi we Daşoguz şäherine uçuşlaryň sany täzelendi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili gatnaw 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylar...

29.11.2025 21:19
2.1k+

Angliýanyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmegi meýilleşdirýär

Angliýanyň hökümeti otellerde, myhman öýlerinde we beýleki ýerleşilýän jaýlarda galýan myhmanlar üçin syýahatçylyk salgydyny girizmäge taýýarlanýar. Ýolbaşçylar häkimlere şeýle tölegi kesgitlemäge hukuk bermegi meýilleşdirýär...

29.11.2025 09:28
4.1k+

La Liste ýylyň iň gowy 1000 restoranyny saýlady

Parižde restoranlaryň iň belli halkara reýtingleriniň biri bolan La Liste ýyllyk baýragynyň netijesi yglan edildi. Şu ýyl birinji orunda birbada on restoran ýerleşdi – olaryň ählisi 100-den 99,5 bal gazandy. Öňdebaryjylaryň biri Pariždäki Guy Savoy boldy...