Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi  

  • 17.12.2020 13:10
  • 6.5k+

16-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işi bilen tanyşdy we geljekki möhüm wezipeleri kesgitledi.
Tamamlanyp barýan ýyl dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy zerarly, tutuş adamzadyň öňünde birnäçe çynlakaý wezipeleri goýdy. Ýöne, muňa garamazdan, ýolbaşçylaryň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we tutuş halkymyzyň bilelikdäki tagallasy we yhlasy zähmeti netijesinde, 2020-nji ýyl gowy görkezijiler bilen jemleýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Maslahatyň barşynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow 2020-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň tassyklanan meýilnama laýyklykda alyp baran işleri barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany wise-premýerlere we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu düzümleriň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady.
Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär diýip, milli Liderimiz şol birwagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli özgerýändigini aýtdy.
Bu ýagdaý syýasy-jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenmegi hem-de öz işleriniň usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni bellenilen meýilnamalara çekdi we olara degişli tabşyryklary berdi.

şu gün 17:31
108

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

şu gün 13:03
2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
2.1k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
1.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......