Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

  • 11.12.2020 20:48
  • 3.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halife we doganlyk bahreýn halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ähli ugurlarda ylalaşykly özara gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we iki halkyň bähbidini nazara almak arkaly ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm maksatlara ýetmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Däbe öwrülen türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz belledi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......