Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň telekeçileri dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, EСO-93 ulag benzinini (“Türkmengaz” döwlet konserni), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeli işewürler karbamid (“Türkmensenagat” eksport-import”) satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Maltanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, mata we el halylar ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wirgin adalarynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri nah ýüplügi, ýerli telekeçiler saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 29 million 352 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen motor we binýatlyk ýagyny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, el halylary hem-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 193 million 146 müň manatlykdan gowrak boldy.