Samsung smartfona zarýad berjek ýüzügi patentledi

  • 04.12.2020 15:34
  • 16k+

Soňky birnäçe ýylyň içinde smartfonlar üçin akkumulýatorlaryň has kuwwatly bolandygyna garamazdan, smartfonlara çalt zarýad bermek meselesi häzir hem ýiti bolmagynda galýar. Samsung smartfonlara zarýad bermek meselesini has täze, innowasion usuly bilen çözmek isleýär.

Internet torunda Samsung kompaniýasynyň barmaga dakylýan we ulanylan wagty smartfony zarýadlaýan ýörite ýüzük üçin patent arzasy peýda boldy. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.
Ýüzügiň içinde adamyň hereketi wagtynda okuň ugry boýunça hereket edýän magnit diski ýerleşýär. Bu amal ýüzügi mini-generatora öwrüp, elektrik toguny öndürýär. Mundan başga-da, ýüzük adam barmagynyň ýylylygyny “özüne siňdirýär”, bu hem elektrik energiýasyny öndürmäge kömek edýär. Elbetde, ýüzükde öndürilen energiýany smartfona geçirmezden ozal saklamak üçin niýetlenen kiçi batareý hem bolar.
Zerur bolan ýagdaýynda ulanyjy ýüzügi işjeňleşdirip, onuň kömegi bilen smartfonuna zarýad berip bilýär. Bu wagt ýüzükli barmak simsiz zarýad beriji rulonyň ýerleşýän ýerinde bolmaly.
Ýöne munuň häzirlikçe diňe patentdigini we taýýar gurluşyň bazara çykmagy üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny belläp geçmeli. Samsung kompaniýasyna, ilkinji nobatda, ulanylýan komponentleriň göwrümi bilen baglanyşykly tehnologiki nýuanslary çözmek gerek.

düýn 23:55
61

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

düýn 18:53
976

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......

29.04.2026 23:03
1k+

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...

29.04.2026 18:34
2.5k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....