Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny tapdylar

  • 04.12.2020 07:29
  • 9.5k+

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň geologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda täze agyz suw ýataklaryny ýüze çykardylar. Hünärmenleriň pikirine görä, «Çopanýap» we «Çagatýap» täze ýataklary Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge kömek eder. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron neşiri habar berýär.

Geologiki gözlegleriň netijesinde hünärmenleriň Köpetdag dag eteklerinde we Balkan düzlüklerinde ýerasty agyz suw çeşmeleriniň bardygy baradaky çaklamalary tassyklanyldy.
Balkanabadyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň geologlary Serdar etrabynda «Çukur» süýji suw ýatagyny tapdylar. Täze çeşme Hojagala, Bendesen, Çukur, Ajydere ilatly nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün edip bilýär.
Magtymguly etrabynda «Arçaly» süýji suwunyň täze ýatagynyň tapylmagy Könekesir, Daýna we Çukur obalarynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün eder.

17.01.2026 08:47
4.3k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.5k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...