GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi

  • 28.11.2020 20:57
  • 3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Ge­ňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary, GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar.
Gün tertibine laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň medeni miras ýerlerini gorap saklamak baradaky konwensiýanyň, GDA agza ýurtlaryň nusgawy zähmet kodeksiniň, GDA agza ýurtlar üçin nusgawy saýlaw kodeksiniň, şeýle hem “Bosgunlar hakynda”, “Inžiniring we inžiniring işleri hakynda”, “Paýly gurluşyk esasynda gozgalmaýan emlägiň gurluşygy hakynda», “Nebit önümleriniň turbageçirijiler arkaly daşalmagynyň daşky gurşawa howpsuzlygy hakynda», «Daglyk ýerleri ösdürmek we goramak hakynda», «Parlament gözegçiligi hakynda», «Mekdep sporty hakynda» nusgawy kanunlaryň taslamalaryna we beýlekilere seredildi.
Parlamentara Assambleýanyň umumy maslahatynda GDA agza ýurtlaryň sanly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hem-de GDA agza döwletlerde çap edilen kanunlary elektron görnüşinde ibermekde umumy çemeleşmeleri döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda GDA agza döwletler üçin intellektual eýeçiligiň nusgawy kodeksine, şeýle hem “Kinematografiýanyň döwlet goldawy hakynda” we “Teatr we teatr çäreleri hakynda” nusgawy kanunlaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi.

şu gün 17:28
990

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

şu gün 16:08
938

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

şu gün 14:43
886

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

şu gün 11:08
1.8k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......