26-njy noýabrda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi.
Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Sebitleýin Merkeziniň orunbasary hem-de BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýaponiýanyň we Beýik Britaniýanyň ygtyýarlandyrylan diplomatlary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Bankynyň bilermenleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça häzirki tagallalaryň netijelerine aýratyn üns berdiler. Has netijeli sebitleýin strategiýalaryň gözlenilmegi üçin hyzmatdaşlygy we özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy zorlukly ekstremizmiň aýratyn alnan düzümlerine garşy göreşmekde ygtybarly esas bolup biljek bitaraplygyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmegiň hem-de zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde demografiki balansda agdyklyk edýän ýaşlar bilen işleriň geçirilmegi bolup durýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy üçin jemgyýetiň durnuklylygynyň we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň derwaýyslygy aýratyn bellenildi.