Türkmenistan we Hindistan özara haryt dolanyşygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

  • 27.11.2020 14:07
  • 5.4k+

Düýn Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem-de Hindistanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy we Hindistanyň Söwda-senagat edarasynyň Söwda komitetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň wekiliýetlerini özleriniň ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işi hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Taraplar özara haryt dolanyşygynyň mümkinçiliklerini has doly öwrenmek üçin şeýle işewürler çärelerini, bilelikdäki işewürler geňeşiniň mejlislerini onlaýn görnüşinde yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny bellediler.
Hususan-da, türkmen harytlarynyň: dokma, deri önümleriniň, türkmen halylarynyň we beýleki önümleriň eksportyny guramak barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň “Röwşen”, “Abadan haly”, “Muhammet-Balkan”, “Batly gadam” ýaly kärhanalarynyň wekilleri öz önümleriniň tanyşdyrylyşyny geçirdiler.
Hindi tarapy şeýle hem dokma hem-de deri senagatynda toplan baý tejribesi barada gürrüň berip, pudaklaýyn önümçiligi guramak hem-de çig maly we taýýar önümi ibermek ulgamynda özara gatnaşyklara taýýardygyny beýan etdi.

düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.2k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......