Patent ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 26.11.2020 19:58
  • 13k+

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň hünärmenleri wideomaslahat görnüşinde Ýewraziýa Patent guramasynyň (EAPO) Moskwadaky merkezi edarasynda geçirilen senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamyny döretmek meselesi boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisde, esasan, bu ugurda bilelikde hereket etmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Ýewraziýa Patent ulgamyny döretmek we onuň hereket etmegi ugrundaky maksatlar bilen kabul edilen Ýewraziýa Patent Konwensiýasynyň agzasy bolup durýar.
Häzirki wagtda senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy alnyp barylýar. Onuň ornaşdyrylmagy patentleri almagyň amallaryny ýönekeýleşdirer hem-de haýyşnama bilen ýüz tutýanlar üçin dolandyryş we maliýe taýdan aladalary azaldar.
Mejlise gatnaşyjylar bu ugurda milli syýasaty düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän dünýäniň patent ulgamynda anyk gurallaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu meseleler bilen meşgullanýan düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...