«Ýuwentus» — «Kalýari» 2:0. Ronaldu dubl etdi

  • 22.11.2020 10:25
  • 5.8k+

Italiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda Turiniň «Ýuwentusynyň» futbolçylary öz meýdançasynda «Kalýariden» üstün çykdylar.

Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollaryň ikisini hem Kriştianu Ronaldu tora saldy (38-nji we 42-nji minutlarda).

Italiýanyň çempionatynda «Ýuwentus» indiki duşuşygyny 28-nji noýabrda myhmançylykda «Benewento» garşy geçirer. «Kalýari» bolsa öz meýdançasynda «Spesiýany» kabul eder.

şu gün 11:47
151

Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes...

düýn 23:51
1.2k+

«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder. Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi...

düýn 16:29
4.4k+

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär...

02.12.2025 11:18
16k+

Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy...