Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen söhbetdeş boldy

Çarşenbe güni katar tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda dünýäde dowam edýän hem-de adamzat üçin çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Şunda dünýä bileleşiginiň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalarynyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirildi.

Türkmen Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.