Pfizer рассмотрит возможность регистрации вакцины от COVID-19 в России

  • 17.11.2020 22:54
  • 4.7k+

Amerikan farmaseptik kompaniýasy Pfizer kliniki synaglardan zerur maglumatlary alandan soň, Russiýada BioNTech nemes kompaniýasy bilen COVID-19-a garşy bilelikdäki sanjymy bellige almak üçin ýüz tutmak mümkinçiligine sereder. Bu barada Pfizer kompaniýasynyň habarynda aýdylýar diýip, russian.rt.com habar berýär.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bu amerikan kompaniýasynyň sanjymyny Russiýada bellige almak üçin hiç hili garşylygyň ýokdugyny belledi.

9-njy noýabrda Pfizer bilen BioNTech koronawirusa garşy sanjymyň üçünji tapgyr kliniki synaglarynyň üstünlikli geçirilendigini habar berdiler. Synaglaryň netijeleri boýunça, sanjym COVID-19-yň ýokuşmagynyň öňüni almakda 90% netijeliligi görkezdi. Sanjymyň ABŞ-da noýabr aýynda hasaba alynmagyna garaşylýar.

“Pfizer kompaniýasy dalaşgär sanjymymyzyň dünýäniň jemgyýetçilik saglygynyň zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmeginiň üstünde işleýär. Biz sanjymy mümkin boldugyndan çalt ýola goýmak üçin halkara guramalar, ýurtlaryň hökümetleri we zerur bolan halatynda beýleki guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ederis” – diýip, kompaniýada belleýärler.

Düýn Moderna kompaniýasy, deslapky maglumatlar boýunça, sanjymynyň 94% täsirlidigini habar berdi. Gamaleýa adyndaky institutyň “Sputnik V” sanjymynyň täsirliligi 92%-e deň. Rospotrebnadzoryň “Wektor” ylmy merkeziniň “EpiWakKorona” sanjymy 14-nji oktýabrda bellige alyndy.

15.06.2026 12:32
5.5k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.5k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....