Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda ilkinji gar ýagyp biler

  • 16.11.2020 23:31
  • 34k+

Meteorologlaryň çaklamagyna görä, şu hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary gyşyň ýakynlaşýandygyny duýarlar we ilkinji gary görerler. Bu barada meteo.gov.tm habar berýär.

Iň ýokary sowuk ýurdumyzyň demirgazygynda bolar. Ýagny, ertir - 17-nji noýabrda Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy daňdan -5 ... -9-a çenli peseler. Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda irden  -1 ... -3-e çenli aýaz bolmagyna garaşylýar, howa gündizine + 10 ... + 12-ä çenli gyzar.
18-19-njy noýabrda paýtagtyň ýaşaýjylary aýaz we ygally gar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: irden termometr -1 ... -2, günortan + 1 '.. + 2 görkezer. Daşoguz sebitinde gijeki aýaz -8 ... -10 çenli ýokarlanar, gündizine -1 ... 0 derejeden ýokary geçmez, ygal düşmez. Lebap welaýatynda irden birneme ýyly bolar: -4 ... -6 çenli, gündizine + 3 ... + 8 çenli, ýagyş ýagmaz. Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda howa irden -2 ... -5, günortan bolsa Balkan sebitinde iň yssy bolar  ýagny, 8-e çe-nli. 18-nji noýabrda çarşenbe güni Ahalda we Maryda ýagşyň we garyň ýagmagyna garaşylýar.

 

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......