“Barselona” esasy derwezebanyny “Bawariýa” satyp biler

  • 02.11.2020 23:37
  • 8.2k+

“Barselona” derwezeban Mark-Andre ter Ştegeni Mýunheniň “Bawariýasyna” satyp biler diýip, “TodoFichajes” neşiri habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

“Barselonanyň” toparyň düşen kyn ykdysady ýagdaýy sebäpli ter Ştegeni “Bawariýa” satmagy göz öňünde tutýandygy bellenilýär. “Bawariýa” derwezebany 80 mln ýewro satyn alyp biler.
Mýunhen kluby oýunçyny ozal satyn almak isläpdi. Indi toparyň ýolbaşçylygy bu şertnamany tomusky transfer penjiresinde amal etmegi meýilleşdirýär.
Ýatlap geçsek, ter Ştegen “Barselonada” 2014-nji ýyldan bäri oýnaýar. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli hereket edýär. Geçen möwsümde ol 46 oýna gatnaşdy we olarda 50 pökgini derwezesine goýberdi. Bu möwsümde ol şikes sebäpli meýdança çykmady.

şu gün 11:59
370

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

şu gün 11:48
272

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

şu gün 11:45
548

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...

şu gün 11:25
815

“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy...