Gurak sebitlerde oba hojalyk birleşikleriniň durnukly ykdysady işi boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

  • 01.11.2020 16:07
  • 3.7k+

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly ykdysady işini goldamak» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde taslamanyň iş toparynyň jemleýji mejlisi geçirildi. Mejlis onlaýn görnüşde geçirildi.

Mejlise Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hukukçylary we degişli hünärmenleri, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, 2017 — 2020-nji ýyllarda iş topary tarapyndan Suw kodeksinden, «Meliorasiýa hakyndaky» Kanundan gelip çykýan kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça işler geçirildi hem-de birnäçe resminamalaryň hukuk seljermesini geçirmek we maslahatlary bermek babatda ýardam berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajyplygyny nygtap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

şu gün 12:00
811

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.2k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.4k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.3k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......