Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hasaplanyldy

  • 30.10.2020 11:14
  • 20k+

Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Ol bu babatda 100-de 97 bal gazanyp, birinjiligi Singapur bilen paýlaşdy. Muňa “Gallup” halkara gözleg institutynyň çap edilen maglumatlary şaýatlyk edýär. Gurama kanunyň we tertibiň indeksini düzdi. Bu barada SNG.Today habar berýär.

Sanawda Türkmenistan bilen Singapurdan soňra 94 bal toplan Hytaý gelýär.
TOP-10-da Islandiýa bilen Kuweýt hem bar, olaryň hersi 93 bal toplady. Mundan başga-da, Özbegistan, Norwegiýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Birleşen Arap Emirlikleri — bularyň hersi 92 bal gazandy.
Bu reýtingiň raýatlaryň polisiýa bolan ynamyna, şahsy howpsuzlyk duýgusyna we jenaýat statistikasyna esaslanýandygyny bellemek möhümdir.
Iň pes görkeziji Owganystan bilen Gabona degişli.
Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary Owganystanyň dünýä arenasyndaky ornuny gowulandyrmak we berkitmek üçin tagallalary edýär. Mysal üçin Türkmenistan günortadaky goňşusyna yzygiderli ynsanperwer kömegini iberýär, Owganystan bilen parahatçylyk gepleşiklere ýardam edýär, energiýa pudagyny ösdürýär.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......