Türkmen-rus söwda dolanyşygy ýylyň ahyryna çenli 1 milliard dollardan geçip biler

Türkmen-rus söwda dolanyşygy ýylyň ahyryna çenli 1 milliard dollardan geçip biler

2020-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçip biler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko habar berdim diýip RIA Nowosti belleýär.

“2019-njy ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň mukdary, takmynan, 700 million amerikan dollaryna barabar bolup, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 69% ýokarlandy. Şu ýyl bu mukdar iki esse artyp biler"-diýip, Rudenko çarşenbe güni Döwlet dumasynyň umumy ýygnagynda aýtdy.