Eýranyň birinji wise-prezidenti: "Türkmenistan bilen söwda - Tähran üçin ileri tutulýan ugur"

  • 24.10.2020 16:29
  • 8.9k+

Eýranyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiri serhet bazarlaryny açmagyň we Türkmenistan bilen söwdany ösdürmegiň Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti üçin ileri tutulýan ugurlardan biridigini aýtdy. Bu barada eýran habar beriş serişdeleri habar berýär.

Demirgazyk Horasan welaýatynda geçirilen maslahatda Eýranyň birinji wise-prezidenti bu welaýatyň Türkmenistan bilen söwdany ösdürmek üçin köp mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Eshak Jahangiri Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda serhet bazarlarynyň açylmagy iki ýurduň arasyndaky söwdanyň ösmegine goşant goşar we iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylary üçin bähbitli bolar diýip umyt bildirdi.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......