On dört ýaşly gyzjagazyň koronawirusa garşy ylmy açyşy

  • 21.10.2020 14:49
  • 42k+

Frisko şäherinden (ABŞ, Tehas ştaty) Anika Çebrolu 2020-nji ýylyň 3M Young Scientist Challenge bäsleşiginde ýeňiji boldy we ol COVID-19 bilen göreşip biljek açyşy üçin uly möçberli pula ($25000) eýe bolar diýip, CNN teleýaýlymy habar berýär. Muny mk.ru ýetirýär.

Anikanyň oýlap tapyşynda SARS-CoV-2 wirusynyň tiken görnüşli belogy bilen aýratynlykda baglanyşyp bilýän gurşun molekulasyny ýüze çykarmak üçin insilico usuly ulanylýar.
Bu taslamany hödürlän, asly hindi bolan amerikaly Anika 8-nji synp okuwçysydyr. Ol koronawirusyň düzüminde tiken görnüşli beloklary birleşdirýän we COVID-19-yň adam öýjüklerine girmeginiň öňüni alýan molekulany tapdy.
Anikanyň aýtmagyna görä, ony gyzyklandyran ilkinji zatlaryň biri 1918-nji ýylda möwjän we köp adam pidalaryna getiren “ispan keseli” pandemiýasy hakdaky maglumatlar bilen gyzyklandy, oňa degişli köp zatlary öwrendi. Her ýylda birnäçe görnüşli sanjymlaryň ýa-da dümewe garşy dermanlaryň bardygyna garamazdan, Birleşen Ştatlarda şeýle ýagdaý zerarly köp adamlaryň ejir çekýändigini anyklandan soň, wiruslara garşy mümkin bolan dermanlary gözlemäge ruhlanyp başlady.
Anikanyň indiki maksady pandemiýa garşy göreşýän alymlar we barlagçylar bilen bilelikde işleşip, onuň netijelerini wirusyň hakyky bejergisine öwürmekden ybarat.

“Şu tomusda SARS-CoV-2 wirusynyň tiken belogy bilen baglanyşdyrmak üçin ýokary birleşmäni tapmakda synanyşygym deňizdäki damja ýaly bolup biler, ýöne her niçik-de bolsa bu beýleki tagallalaryň üstüni ýetirýär. Wirusologlaryň we derman taýýarlamak boýunça hünärmenleriň kömegi bilen bu molekulany nädip ösdürip biljegim şu tagallalaryň üstünliklerini kesgitlär” – diýip, okuwçy gyzjagaz belleýär.

düýn 11:31
2.9k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......