Türkmenistan bilen UNESKO-nyň bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy

  • 17.10.2020 16:08
  • 5.6k+

16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy—UNESKO bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherini UNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu halkara Tory dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady bilen, 2004-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 180 sany şäheri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan resminamalary UNESKO guramasyna ibermek teklip edilýär.
Häzirki wagtda UNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu Guramanyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar.
Ady agzalan gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalaryna laýyklykda hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwletimiziň UNESKO bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin häzirki wagtda 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, ony ady agzalan gurama ibermek hem-de oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda UNESKO-nyň hünärmenleri bilen degişli maslahatlaşmalary geçirmek teklip edilýär.

düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.6k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.1k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.5k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......