Huawei kompaniýasy Honor smartfonlar brendini satmak isleýär

  • 16.10.2020 14:44
  • 7.3k+

Hytaýyň Huawei Technologies kompaniýasy Honor smartfonlaryny çykarýan bölümçesini satmakçy bolýar. Bu barada finance.rambler.ru habar berýär.

Göz öňünde tutulýan müşderileriň arasynda Digital China Group, şeýle hem smartfon önümçiliginde adygan Xiaomi kompaniýalary bar.
Şertnamada göz öňünde tutulýan mukdara 3,7 mlrd dollar baha kesilýär, ýöne satyljak emläkleriň doly düzümi heniz kesgitlenilmedi. Reuters agentliginiň çeşmeleri düzüme brendiň özi bilen bir hatarda barlag we konstruktor bölümçeleriniň, şeýle-de üpjünçilik zynjyryny gurnamak bilen meşgullanýan bölümleriň hem giriziljekdigini habar berýär.
Satuwdan soňra hytaý öndürijisi ähli ünsüni Huawei brendi bilen has gymmatbahaly we döwrebap kämil smartfonlary çykarmaga gönükdirer.
Honor brendi 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Ol esasy kompaniýadan özbaşdak diýen ýaly işleýär. Bu marka bilen arzan smartfonlar, noutbuklar we beýleki elektronikalar öndürilýär. Huawei käbir zerurlyklar sebäpli bu brendi satmakçy bolýandygyny aýdýar.

“Eger-de Honor Huawei kompaniýasyna bagly bolman, özbaşdak hereket edip bilse, brendiň smartfonlary üçin gerekli serişde üpjünçiliginiň satyn alynmagy ABŞ-nyň Huawei girizen gadaganlygynyň astyna düşmez. Bu Honor smartfonlarynyň önümçiligi babatda işewürlige we üpjün edijilere kömek eder” – diýip, TF International Securities kompaniýasynyň seljeriji-analitigi Kuo Min Çi munuň asyl maksadyny we ähmiýetini düşündirdi. “Brendiň satylmagy Honor üçin utuşly we girdejili bolar” diýip belledi.

şu gün 16:50
422

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär...

şu gün 11:31
2.5k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi...

şu gün 08:59
2.7k+

Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy

Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär. Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy...

düýn 13:33
1.6k+

Prada kompaniýasy 1,4 mlrd dollara Versace-y satyn almak boýunça şertnamany ýapdy

Prada S.p.A ozal ylalaşylan 1,4 mlrd dollara Gianni Versace S.r.l-i satyn almak boýunça şertnamany resmi taýdan ýapdy. Mundan öň, 2019-njy ýyldan bäri brend Michael Kors Limited bilen ylalaşykdan soň ony satyn alan Capri Holdings Limited kompaniýasynyň düzümindedi...