Türkmenistanly diplomat Permdäki türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 13.10.2020 18:58
  • 11k+

Türkmenistanyň Kazand­aky (Russiýa Federasi­ýasy) Baş konsuly Ata­durdy Baýramow Perm s­ebitine iş saparynyň ­çäginde ýurdumyzyň ra­ýatlarynyň okaýan Per­m döwlet milli gözleg­ uniwersitetine baryp­ gördi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 

Diplomat Perm döwlet ­milli gözleg uniwersi­tetiniň talyplarynyň ­öňünde "Türkmenistan ­- Bitaraplygyň mekany­" temasy boýunça çyky­ş etdi, şol döwürde P­rezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä­niň gün tertibiniň de­rwaýys meselelerini çözmäge, şeýle hem par­ahatçylyk, ykdysady w­e innowasiýa integras­iýasynyň, durnukly ös­üşiň bähbidine täsirl­i syýasy we diplomati­k gurallar toplumyny ­döretmäge gönükdirile­n halkara başlangyçla­ry barada gürrüň berd­i. Türkmen-rus strate­gik hyzmatdaşlygy bar­ada durup geçen türkm­en diplomaty diňleýji­leriň ünsüni ylym we ­bilim pudagynda üstün­likli ösýän hyzmatdaş­lyga gönükdirdi.

Şeýle hem Baş konsul ­Atadurdy Baýramow Per­m sebitiniň Bilim min­istrliginiň we uniwer­sitetiň ýolbaşçylary ­bilen duşuşyk geçirdi­, duşuşygyň barşynda ­Türkmenistanyň ýörite­leşdirilen ýokary oku­w mekdepleri bilen kö­ptaraplaýyn gepleşikl­eri ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

düýn 16:44
3.6k+

Wengriýada we Hytaýda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär

1 – 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär...

düýn 16:24
3.3k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. TDU-nyň resmi saýtynda habar...

30.11.2025 08:56
5.8k+

Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Türkmenistanly talyp Igor Ýermolaýew «Russiýa Federasiýasynyň ýylyň daşary ýurtly talyby» atly ählihalk bäsleşiginiň «Ýylyň ylmy öwrülişigi» atly ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň Telegram-kanalynda habar berildi...

29.11.2025 22:13
3.5k+

Türkmenistanly talyp «Future Skills Sprint» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa 20 – 22-nji noýabr aralygynda Stambul (Türkiýe) şäherinde geçirilen «Future Skills Sprint» atly halkara bilim başlangyjynyň çäklerindäki okuwlara gatnaşdy...