Bill Geýts pandemiýadan gutulmagyň ýeke-täk ýoluny aýtdy

  • 12.10.2020 23:11
  • 19k+

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts gaty täsirli we elýeterli sanjym bolmasa, adamzadyň ýakyn wagtda koronawirusa garşy durup bilmejekdigini aýtdy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Adamlaryň durmuşyny kadaly ýagdaýa getirmegiň ýeke-täk ýoly ýokary derejede täsirli we elýeterli sanjymy almakdyr” – diýip, Geýts NBC telekompaniýasynyň ýaýlymynda pandemiýanyň täsirini doly ýeňip geçmek baradaky soraglara jogap bermek bilen aýtdy.

Geýtsiň pikiriçe, köpçülikleýin sanjym ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni alar we keseli dünýä derejesinde ýok eder. Şunuň bilen birlikde, milliarder “sanjym ýaryşynyň” bazarda ýeterlik derejede barlaglardan geçmedik we adamzada howp salyp biljek serişdeleriň peýda bolmagyna getirjekdigini duýdurdy.
Bill bilen Melinda Geýtsiň gaznasy farmaseptik kompaniýalar bilen eýýäm birnäçe şertnama baglaşdy, ýöne milliarder 16 farmaseptik kompaniýanyň bu gazna bilen baglaşan täze şertnamasy barada aýdyp, heniz munuň hem ýeterlik däldigini belledi.
Sanjym we immunizasiýa boýunça global birleşik (GAVI) Serum Institute of India (SII) we Bill hem-de Melinda Geýstiň gaznasy bilen bilelikde indiki ýyl koronawirusa garşy 100 mln doza sanjymy öndürip, pes girdejili ýurtlara iberjekdigini habar berdi.

“Şeýlelik bilen, SII, GAVI we Geýts gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde sanjym dozasynyň umumy sany 200 milliona ýetýär” – diýlip, birleşigiň bildirişinde aýdylýar. GAVI, SII we Geýts gaznasy awgustda degişli şertnama gol çekdi.

Sanjym 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýola goýlar diýlip çaklanylýar.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....