Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, yşyk kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri el halylaryny, natriý hloridiniň erginini we glýukozany, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million manada golaý boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 649 müň manatlykdan gowrak “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polipropilen hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit bitumyny, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.