BMGÖM Türkmenistana dezinfeksiýa serişdelerini gowşurdy

  • 02.10.2020 18:13
  • 10k+

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugyna dezinfeksiýa üçin pürküjileri gowşurdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Pürküjiler global pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek üçin Türkmenistandaky ýurt edarasy tarapyndan kabul edilen BMGÖM-iň Dessin jogap bermek gaznasynyň (RRF) grantynyň çäginde satyn alyndy.

“Türkmenistanyň hökümeti öz wagtynda degişli çäreleri görmek arkaly COVID-19 howpunyň öňüni almak we raýatlaryny goramak üçin işjeň çäreleri gördi. Biz bu hereketleri goldaýandygymyza we öz hyzmatlarymyzy hödürleýändigimize buýsanýarys” – diýip, BMGÖM-iň hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji, hanym Natiýa Naswlişwili belledi.

2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň hökümetiniň BMG-niň goldawy bilen işlenip düzülen ýiti ýokanç keselleriň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça ýurtda amaly durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny kabul edendigini hem ýatlap geçmek gerek.

09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....