«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlaryny ýatyrmagynyň möhletini uzaltdy

  • 01.10.2020 22:03
  • 36k+

«Türkmenhowaýollarynyň» rus wekilliginiň habar bermegine görä, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň möhleti 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna (31-nji oktýabr hem degişli) çenli uzaldyldy.

Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär. Belläp geçsek, Stambul, Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Minsk, Almaty, Maýn boýundaky Frankfurt, Birmingem, Amritsar, Deli, Dubaý, Abu-Dabi, Pekin, Bangkok ugurlary boýunça gatnawlar ýatyryldy.

düýn 16:54
3.4k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

düýn 13:53
3.4k+

Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy

Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär. Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy...

düýn 12:40
4.1k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi...

25.02.2026 16:04
10k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy...