Медик дал 5 советов, как защититься от вирусов

  • 28.09.2020 21:01
  • 13k+

Wiruslardan goranmak üçin käbir maslahatlara eýermelidir diýip, gulak-burun-bokurdak klinikasynyň başlygy otolaringolog Wladimir Zaýtsew Sputnik radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Häzirki wagtda diňe bir koronawirus bilen kesellemegiň köpelmegi däl, eýsem, beýleki dem alyş ýokançlyklarynyň möwsüminiň başlanmagy hem howp salýar. Özüňizi olaryň ýokaşmagyndan goramak üçin diňe sanjym bilen çäklenmän, käbir düzgünleri berjaý etmeli. Otolaringolog olaryň bäş sanysyny agzap geçdi.
Ilki bilen, mümkin boldugyça köp suwuklyk içmeli.

"Köp suwuklyk içilende, bedende wiruslar işjeň ýok edilýär. Olar gidrawliki urga tap getirip bilmeýärler we ýok bolup gidýärler. Öz halaýan islendik çaýlaryňyzy saýlaň" - diýip, Zaýtsew belledi.

Şeýle hem, onuň sözlerine görä, bedeni C witamini bilen üpjün etmeli. Bu witamin kiwi, imbir, sitrus miweleri we duza ýatyrylan kelem ýaly iýmitlerde köp. Lukmanlar çaýa limon, hek ýa-da greýpfrut goşmagy maslahat berýärler - bu usul bilen "bir okda iki towşany urmak" mümkin. Suwy limon bilen içmek hem maslahat berilýär.

"Bir golça suwa ýarym limon goşýarys. Ony stakanda däl-de, naharlaryň arasynda az-azdan içýäris" -diýip, Wladimir Zaýtsew aýdýar.

Ýeterlik mukdarda gök iýmek hem möhümdir. Munuň özi beden üçin goşmaça witamin çeşmesidir, üstesine-de, aşgazan-içege ulgamlaryny arassalamaga kömek eder.
Çynlakaý kesellemekden gaça durmagyň iň möhüm düzgüni wagtynda lukmana ýüz tutmakdyr. "Bu örän möhümdir: özüňizi oňat duýmasaňyz, sowuk, burun boşlugy, gulak dykylmagy, ýagdaýyňyza çydam etmeseňiz, keseliň özi gitmek islemez. Lukman size kömek eder" diýip, otolaringolog sözüni jemleýär.

31.05.2026 00:28
4.8k+

Франция, Испания и Нидерланды первыми получат препарат против хантавируса

Первые партии экспериментального противовирусного препарата фавипиравир для лечения хантавируса направят во Францию, Испанию и Нидерланды. Об этом сообщили в Европейской комиссии....

30.05.2026 19:41
6.2k+

WP: Кения отказалась размещать у себя в карантине больных Эболой граждан США

Суд Кении отказал в содержании на территории страны американских граждан, заболевших лихорадкой Эбола, а также в организации их лечения в специальном полевом госпитале. Об этом сообщила газета The Washington......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Страховка во Франции начнет покрывать расходы на препараты от ожирения

​Во Франции в рамках национальной программы страхования с середины июня 2026 года вводится государственная компенсация расходов на покупку медицинских препаратов для лечения ожирения. Об этом со ссылкой на......

28.05.2026 19:35
7.2k+

NYT: США хотят отправлять заболевших Эболой граждан лечиться в Кению

Администрация США разработала план по отправке заболевших лихорадкой Эбола американских граждан в Кению для лечения и карантина. Об этом сообщила газета The New York Times со ссылкой на информированные......