Türkmenistanyň Prezidenti: «Aýlyklary we pensiýalary yzygiderli ýokarlandyrarys»

Türkmenistanyň Prezidenti: «Aýlyklary we pensiýalary yzygiderli ýokarlandyrarys»

Durmuş syýasatyny dowam etdirmeli, aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli ýokarlandyrmaly, ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmaly hem-de halkyň bagtly durmuşynyň hatyrasyna ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaly. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde wideo aragatnaşyk arkaly çykyş edip, döwletiň içerki we daşary durmuş-ykdysady syýasatynyň gidişine ünsi çekdi diýip, TDH habar berýär.

Şeýle hem döwlet Baştutany eziz halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny, munuň üçin durmuş syýasatynyň dowam etdirilip, aýlyk zähmet haklarynynyň we pensiýalaryň yzygiderli ýokarlandyryljakdygyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlaşdyrmak, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigini aýtdy diýlip, habarda aýdylýar.
Şunuň bilen baglylykda, ähli ýolbaşçylar, ýurduň her bir raýaty döwletiň güýjüniň biziň işimize we döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna düşünmeli, biziň ileri tutýan ugurlarymyz, içerki syýasatymyz we daşary syýasat ugrumyz üýtgewsizligine galýar diýip, döwlet Baştutany belledi.