Türkmenistanda iki palataly parlament döredildi

Türkmenistanda iki palataly parlament döredildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iki palataly parlament döredildi.

Bu resminama Halk Maslahaty we Mejlis tarapyndan makullanylypdy.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine täzeçe itergi berjek ägirt uly taryhy waka bolup durýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan parlament häkimiýeti ulgamynda möhüm özgertmäni amala aşyrdy we dünýäniň ösen döwletleriniň aglabasyndaky ýaly parlamentde iki palataly ulgama geçdi.