Möhüm çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi

  • 25.09.2020 15:24
  • 6.4k+

Düýn, Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda” Kararyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, umumymilli forumyň guramaçylygyny maliýe taýdan üpjün etmek şu ýyl üçin Döwlet býujetinde goýlan hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetleriniň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer baş döwlet baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

şu gün 14:38
194

Galaxy S26 Ultra täze ultra-inçe CoE OLED displeýine eýe bolar

Samsung Galaxy S26 Ultra flagman smartfony Color Filter of Encapsulation tehnologiýasyny ulanýan iň täze CoE OLED displeýine eýe bolar. Bu barada Ice Universe hytaý insaýderi habar berdi. CoE OLED beýleki displeýlerden adaty gatlaklaryň deregine reňk süzgüjiniň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar...

şu gün 14:35
270

Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi

Pepper atly pişik ikinji gezek öý hojaýynyna, Floridadan mikrobiolog Jon Ledniskä täze, ozal ylma belli bolmadyk wirus ştammyny açmaga kömek etdi diýip, Gizmodo habar berýär. Pepper öýe jansyz gyzylguýruk syçany getirdi we Ledniski ony barlaghanada öwrenmek kararyna geldi...

şu gün 14:33
166

Sazanda Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny aldy

Sazanda we Louis Vuitton-yň erkekler hatarynyň direktory Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny – Hormatly legion ordenini aldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär. 2023-nji ýylda aýdymçy, prodýuser we telekeçi iň uly fransuz moda öýleriniň birinde erkekler hatarynyň döredijilik direktory wezipesine bellendi...

şu gün 14:30
203

Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň iň gowy smartfony boldy

Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok...