«Tottenhem» «Realdan» Beýli kärendesine aldy

  • 18.09.2020 08:02
  • 8.2k+

Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Garet Beýl Londona dolanyp barýar. Ol «Tottenhemiň» düzüminde kärendesine çykyş eder. Bu barada gazet.ru Daily Mail neşirine salgylanyp habar berýär.

«Tottenhem» kluby Beýli bir möwsümlik kärendesine aldy. Futbolçynyň zähmet haky €14,2 mln bolar, onuň bir bölegini «Real» tölär.
Ýatladyp geçsek, Garet Beýl 2013-nj ýylyň tomsunda «Tottenhemden» «Reala» geçipdi. Onuň transfer bahasy şol wagt üçin rekord bolan  €101 mln-a deň bolupdy.

düýn 21:24
4.6k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
1.9k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.7k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...