Türkmenistanda täze gurluşyk kadalary tassyklanyldy

  • 15.09.2020 23:47
  • 25k+

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran MB-105 belgili buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy. Bu kadalar Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda 1383 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde habar berlişi ýaly, bu gurluşyk kadalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.
Gurluşyk kadalary pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hökman bolup durýar.
Şu Kadalar umumy maksatly ulanylýan awtomobil ýollarynyň abatlanylyşynyň geljekki göwrümlerini meýilleşdirmegiň ölçeglerini işläp düzmek, ýol abatlaýyşlary üçin sarp edilýän materiallaryň we çykdajylaryň takyklanylmagy, şeýle-de ulanyşda bolan, taslanylýan ýol düşekleriň we gurnawlaryň (konstruksiýalaryň) güýçlendirilen gatlaklarynyň berklikleri hasaplananda ulanmak üçin niýetlenilendir.

şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...