Bedendäki ýaglary ýakmak üçin kofe howplumy?

Bedendäki ýaglary ýakmak üçin kofe howplumy?

Kofeni bedendäki ýagy ýakyjy hökmünde peýdalanmak saglyk üçin howpludyr. Şeýle tejribäniň netijeleri barada Russiýanyň federal lukmançylyk-biologiýa agentliginiň professory, dietolog Margarita Korolýowa Sputnik radiosyna gürrüň berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Adamlar kofeniň esasy komponentiniň, ýagny kofeiniň berýän täsiri sebäpli onuň kömegi bilen horlanmaga synanyşýarlar. Bu madda gujur berýär we ýürek myşsasynyň ýygrylmasyny çaltlandyrýar, bu bolsa ýagyň uly möçberde ýakylmagyny talap edýär.

“Eger-de adam kofeniň kömegi bilen beden agramyny azaltmak islese, onda ol özüni kofeiniň madda çalşygyny tizleşdirýändigine ynandyrýar. Hawa, kofe madda çalşygyny tizleşdirýär, ýöne bu ýüregiň ýygrylma ýygylygynyň hasabyna bolup geçýär. Eger-de biz kofe ýagy ýakyjy hökmünde daýansak we munuň üçin günde sekiz çaşka çenli kofeni içsek, onda ýürege näme bolar? Elbetde, ýürek bilen bagly näsazlyklar ýüze çykar. Gipertonik keselli ýa-da ýürek ritmi bozulan adamlara kofe düýbünden gadagan” – diýip, Korolýowa gürrüň berýär.

Eger-de kofeni aram möçberde içseň, onda ol agramyňy azaltmaga kömek edip biler diýip, Margarita Korolýowa belleýär. Onuň aýtmagyna görä, esasy zat hiç hili goşundysyz gara kofeni içmeli.

“Eger-de biz kofä gaýmak ýa-da süýt goşmasak, ol kaloriýaly içgi bolmaz. Men, aslynda, bu önümleri uly ýaşly adamlara maslahat beremok. Kofä goşundy hökmünde mindal ýa-da kokos süýdüni ulanmaly, ýöne içginiň kaloriýalylygy biraz ýokarlanar” – diýip, dietolog anyklaşdyrýar.

Siropy hem kofe goşmak horlanýan adam üçin gowy pikir däl.

“Islendik sirop – bu uglewodly düzüm. Ol önümiň energiýa gymmatyny ýokarlandyrýar. Siroplar ganyň düzümindäki şekeriň derejesini hem ýokarlandyryp bilýär, bu öz gezeginde insuliniň goşmaça çykmagyny üpjün edýär” – diýip, Korolýowa düşündirdi.